Beýik söz ussady

1 Noýabr 2023
383

Eziz Diýarymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny belende götermekde milli medeni gymmatlyklarymyz mynasyp orny eýeleýär. Sebäbi medeniýet hem ylymdyr bilim ýaly kämil jemgyýeti gurmakda, şu günki hem-de geljekki nesilleriň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda ilkinji zerurlyklaryň biridir. ªonuň üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz ylym, bilim ulgamlaryny ösdürmekde, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmekde, olary ylmy taýdan düýpli öwrenmek arkaly dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren düýpli özgertmelerini üstünliklere besleýär.

Bilşimiz ýaly, üstümizdäki ýylyň 10 — 24-nji maýynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Bu çözgüt umumadamzat şahyry hasaplanylýan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligine halkara derejede goýulýan çäksiz hormat-sarpanyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Türkmeniň akyldar şahyry umman ýaly çuň hem-de giň döredijiliginde tutuş adamzat ähmiýetli möhüm meseleleri gozgaýar, olar babatda haýran galdyryjy pikir-garaýyşlaryny beýan edýär. Beýik söz ussadynyň gymmaty hiç mahal egsilmejek pähim-paýhasa ýugrulan şeýle kämil eserleriniň möhüm aýratynlygy olaryň dünýä halklarynyň medeniýetleriniň ýakynlaşmagyna, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna netijeli itergi berýändigidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň hakydasynda mynasyp orun alan beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim--paýhasa beslenen döredijiligi bilen tanşanlar türkmen halkynyň şöhratly geçmiş taryhynda adamzadyň ruhy-medeni ösüşine gymmatly goşant goşandygyna ýene bir ýola tutuş aýdyňlygy bilen göz ýetirýärler.

Jennet Çannyýewa,
Türkmenbaşy şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekskursowody.
Beýleki habarlar