Medeniýetiň, sungatyň sarpalanýan zamanasy

1 Noýabr 2023
322

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly ösüşler bilen öňe barýan ýurdumyzda medeniýet we sungat uly ösüşe beslenip, döwrebap derejede kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda bu ulgamda zähmet çekýän adamlaryň halal işlemekleri, öz zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi bizi has-da buýsandyrýar. ªoňa görä-de, medeniýetiň we sungatyň ösmegine mynasyp goşant goşýan ýaşlary kemala getirmek, olardan has zehinlilerini ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!», «Çalsana, bagşy!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» ýaly aýdym-saz bäsleşikleriniň many-mazmuny, halkyň arasyndaky meşhurlygy ýylba-ýyldan artýar.

Döwrümiziň bedew bady bilen öňe barýan ýurdunda türkmen medeniýeti, sungaty, inçeligi özüne siňdiren milli däp-dessurlary, amaly-haşam sungaty, şirin owazly aýdymlary, mukamlary bilen bütin dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda hereket edýän teatrlar, medeniýet öýleri dünýä ülňülerine gabat gelýär. Sungat ojaklarynda halkyň medeni derejesiniň ýokarlanmagynda, ýaşlarda zähmete, Watana söýgi döretmekde halypa-şägirtlik ýoly üstünlikli dowam etdirilýär.

Nataliýa Zaharowa,
Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar