Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

1 Noýabr 2023
368

Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň oňyn netijelere eýe bolýandygyny Köýtendag etrabynyň gün-günden özgerýän syýasy-medeni durmuşynyň mysalynda hem görmek bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji gününde etrapda döwrebap mekdepleriň üçüsi ulanylmaga berildi. Şeýle hem ýaşlary zähmete ugrukdyrmakda, olaryň döredijilik başlangyçlaryny önümçilige ornaşdyrmakda göwnejaý işler ýola goýulýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň işgärleri hem bu işleriň ilerlemegine ýakyndan ýardam berýärler. Ýaşlary zähmete, telekeçilik işlerine ugrukdyrmakda, olarda medeniýete, sungata söýgi döretmekde düzümine agzalaryň 28915-sini, ilkinji ýaşlar guramalarynyň 161-sini jemleýän guramanyň etrap geňeşi tarapyndan alnyp barylýan işler bellenilmäge mynasypdyr. Biz gazetimiziň şu sahypasyny Köýtendag etrabynyň bagtyýar ýaşlarynyň işjeň durmuşyna bagyşladyk.

Öz käriniň ussady

Beýleki habarlar