Pyragynyň terbiýeçilik mekdebi

31 Oktýabr 2023
544

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilmegine şu günlerden uly taýýarlyk görülýär. Söz ussadyny hatyralap, halkara amaly-maslahat geçirmek, onuň döredijiligini dünýä dillerine terjime etmek göz öňünde tutulýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda beýan edilýän gymmatly pikirler milletiň mukaddes ruhy hazynasyny şöhlelendirip, nesilleriň ýörelgesine öwrülip galan öwüt-nesihatlar umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşyp gidýär.

Akyldar şahyrymyzyň öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlary ýaş nesli mynasyp terbiýelemek baradaky aladalara ýugrulandyr. Bu eserleriň nesil terbiýesinde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup, olarda halal ýaşamak pikiri eriş-argaç bolup geçýär. Magtymgulynyň ýöredýän terbiýeşynaslyk pikirleri biri-birleri bilen sazlaşyp, sepleşip gidýär. Akyldaryň şeýle pikirleriniň biri-de kesp-kär, hünär öwrenmek meselesi bilen baglanyşyklydyr. Ol her bir adamyň bir ýa birnäçe hünärden baş çykaryp bilmeginiň zerurdygyny, adam yhlas bilen haýsy käri öwrense, oňa ökdeläp, il-günüň alkyşyna eýe boljakdygy baradaky pikirleri öňe sürýär:

Azatgeldi KAKABAÝEW,
Babadaýhan etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar