Medeni gatnaşyklar dostlugy berkidýär

30 Oktýabr 2023
445

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23-24-nji oktýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi.

Iki dostlukly ýurduň medeni durmuşyndaky möhüm waka bolan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ABŞ-nyň Albukerke şäherinde geçirilmegi tötänden däldir. Bu şäher 1990-njy ýyldan bäri Aşgabadyň doganlaşan şäheridir. Şoňa görä-de, döredijilik çäresine ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, ylym ulgamynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

"Nesil".
Beýleki habarlar