«7/24. tm» № 44 (179) 30.10.2023
Ol döwürler orta mekdepde okaýan ýyllarymyzdy. Bolaýsak, 5-nji ýa-da 6-njy synpdadyrys. Dädem tä hormatly dynç alşa çykýança, onlarça ýyl žurnalist bolup işlänsoň, öýümize dürli kärdäki adamlar ýygy-ýygydan myhman bolardylar. Köplenjem iş sapary bilen barýan žurnalistler arzyly myhmanlarymyzdy. Bir gün öýümize şeýle myhmanlaryň birnäçesi bardy. Olaryň biri biz — çagalarda aýratyn uly täsir galdyrdy. Munuňam sebäbi bu eli dutarly bagşy kişiniň şirin labyzly aýdymlaryny diňlänimizden bolsa gerek. Şol aýdymlaryň owazy häzirem gulagymdan gidenok...