Mukama siňen ömür

28 Oktýabr 2023
677

Düýn meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Mukama siňen ömür» atly iki günlük festiwal öz işine başlady. Festiwalyň deslapky gününde paýtagtymyz Aşgabatda, şeýle hem Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda guralan köpöwüşginli çäreler ýokary ruhubelentlige, ajaýyp duýgulara beslenip, olara medeniýet we sungat işgärleri, türkmen sazynyň muşdaklary, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Festiwalyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilip, onda ilki çykyşlara orun berildi. Çykyş edenler täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary bilen ýurdumyzyň medeniýet-sungat ulgamynda öçmejek yz galdyran halypalara uly hormat-sarpa goýulýandygyna üns çekdiler. Şonuň bilen baglanyşykly, olar türkmen saz sungatynda gymmaty hiç wagt egsilmejek ajaýyp eserlerini halkymyza miras galdyran halypa kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygynyň döwlet derejesinde giňden bellenilmeginiň ussadyň döredijiligine we zehinine çuňňur hormatyň nyşany bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle-de çykyşlarda kompozitoryň ömri we döredijiligi baradaky gyzykly gürrüňler, ýatlamalar öz beýanyny tapdy.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar