«Aýdym aýdasym gelýär»

27 Oktýabr 2023
1103

Türkmenistanyň halk artisti, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanan ussat aýdymçy Annagül Gurdowa aýdym aýdanda, söz bilen beýan edip bolmaýan üýtgeşik duýgular özüne kökerýär. Şirin owaza eýlenen ol owadan dünýäni boýladygyňça, onuň näderejede çuňdugyna göz ýetirýärsiň. Mylaýymlyk hem mähribanlyk bilen göwün güzeriňe siňňin inýän ýakymly owaz ruhuňy asmana göterýär. Şaglap inýän çeşme suwy ýaly şildiräp, baharyň mymyk şemaly kimin köňüllere rahatlyk berýän aýdymlar ganatlydyrlar. Habarçymyzyň bu makalasy hem, ine, hut şular barasyndadyr.

— Men aýdym aýtmaga gaty ir başlapdyryn. Ýaňy bir ýaşymdakam radioda aýdym ýaňlanyp başlandan, ejemiň aýtmagyna görä, menem oturan ýerimde saza goşup, hereket etmäge başlar ekenim. Soň ulalyberenimde, gapdalymyzdaky çagalar bagyna öz erk-islegim bilen gatnap başladym. Beýle diýmegimiň sebäbi, ol wagtlar öýde oturan eneler çagalaryny çagalar bagyna kän bir gatnadyp durmazdylar. Men ol ýere gatnaýan çagalaryň daşaryk çykyp, enekeleri bilen, aýdym aýdýandyklaryny görýärdim. Irden turup, el-ýüzümi ýuwup, gowuja eşiklerimi geýerdim-de, çagalar bagynyň haýatynyň ýanyna baryp, olaryň aýdym aýdyşyny synlardym. Bu meniň üçin gündelik endige öwrülipdi. Ejem dagy: «Nirä barýaň?» diýibem soramazdylar. Käwagt çagalar bagynda işleýänler, çagalary içerik salansoňlar: «Gyzjagaz, senem indi öýüňize gaýdaý, ertir ýene gelersiň» diýip, menem öýümize ugradyp goýbererdiler. Men çagalara öwredilýän aýdymlary ýat tutýardym. Ýaşaýan ýerimizdäki goňşularymyz agzybirdi. Ullakan çynar agajynyň aşagy goňşularyň gijara üýşüp, dynç alýan meýdançasydy. Lýuda, Raýa, Marina dagy, köplenç, rus dramaturgy N. Gogolyň «Derňewçi» spektaklyny sahnalaşdyryp, goňşularyň öňünde çykyş ederdiler. Goňşular spektakla tomaşa edip bolanlaryndan soň: «Hany, indi Annuşkamyzyň (çagakam, meni şeýle atlandyrardylar) aýdyp berjek aýdymlaryny diňläliň» diýip, maňa aýdym aýtdyrardylar — diýip, ajaýyp aýdymlaryny kalplara siňdiren ussat aýdymçy Annagül Gurdowa çagalyk ýyllaryny ýatlaýar.

Ogulbaýram TAGANOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar