Bilimli nesiller — guwanjymyz

23 Oktýabr 2023
638

«Ýaşlar hemişe kämillige ymtylmalydyrlar. Çünki kämillik ýaşlar üçin iň ýokary derejedir. Ýadawsyz çekilmeli zähmet, kämilleşdirilmeli bilimler we hünärler, özleşdirilmeli tejribeler ýaşlaryň öz-özüni kämilleşdirmeginiň ýolundaky sepgitlerdir. Kämillik — ynsan durmuşynyň ölçeg daşy, bezegi hem ajaýyplygydyr». Bu sözleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda aýtdy. Bu sargyda wepaly ýaşlarymyzyň halkara derejede gazanýan üstünlikleri ählimizi buýsandyrýar. Olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda aýratyn yhlaslylyk görkezip, halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň abraýyny belende göterýärler.

Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde maliýe howpsuzlygy boýunça guralan halkara olimpiadada türkmenistanly ýaşlaryň gazanan üstünligi-de bu hakykaty tassyklaýar.

Abdykerim MUHANOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň kafedra müdiri.
Beýleki habarlar