Sungat — dostlugyň ýoly

20 Oktýabr 2023
473

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň dabaraly ýapylyşy we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Geçirilen dostluk konsertiniň maksatnamasyny nusgawy hem-de häzirki zaman aýdym-sazlary, tans we döredijilik çykyşlary düzüp, iki halkyň özboluşly däp-dessurlary şöhlelendirildi. Halklarymyzyň agzybirligini, dostlugy we parahatçylyk söýüjiligi wasp edýän mukamlar türkmen we tatar aýdymçylary tarapyndan joşgunly ýerine ýetirildi. Tomaşaçylar zehinli sungat ussatlarynyň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Medeniýet günleriniň çäklerinde, öňňin paýtagtymyz Aşgabatda halk senetçiligine bagyşlanan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik, iki ýurduň kino bilermenleriniň duşuşygy we tatar kinofilmleriniň görkezilişi boldy. Şol gün Mary welaýatynda-da medeni çäreler geçirildi. Medeni forumyň geçirilen günlerinde myhmanlar tatar medeniýetiniň we sungatynyň köpdürli öwüşgini bilen tanyşdyrdylar. Üç gün dowam eden Medeniýet günleri Aşgabatda we Maryda uly üstünliklere beslendi. Mukamlar köşgüniň giň foýesinde şöhlelendirilen dostlukly ýurduň senetçilik we amaly-haşam sungatynyň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan fotosurat sergisi hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. Sergä gatnaşyjylar kümüşden ýasalan şaý-seplere, däp bolan tatar nagyşly dokma hem-de küýzegärlik sungatynyň önümlerine, milli lybaslara baha bermäge we olar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Sergide ýerleşdirilen fotosuratlarda bolsa Tatarystanyň özboluşly tebigy gözelligi, taryhy-medeni ýadygärlikleri, gadymy we häzirki zaman binagärlik sungaty öz beýanyny tapdy. «Aşgabat» kinoteatrynda «Ibn Fadlan», «Tarlan», «Isenmesez» ýaly kinofilmleriň görkezilişi hem köp adamly boldy.

Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar