Türkmen teatrynyň halkara üstünligi

19 Oktýabr 2023
686

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary golaýda Gazagystan Respublikasynyň Taldykurgan şäherinde Biken Rymowanyň doglan gününiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilen «Biken» atly I halkara teatr festiwalyna gatnaşdy.

Teatryň artistleri festiwalyň tomaşaçylaryna Türkmenistanyň at gazanan artisti, režissýor Handurdy Berdiýewiň sahnalaşdyran «Magtymguly» atly sahna oýnuny görkezdiler. Onda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleriniň adamzat medeniýetiniň ösüşine goşandy çeper beýan edilýär. Sahna oýnuna tomaşa edenler halkymyzyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi, şygyr mirasy barada gymmatly maglumatlar bilen tanyşdylar. Şunlukda, sahna eseri festiwalyň tomaşaçylarynyň gyzgyn söýgüsini gazandy.

Beýleki habarlar