Arkadag şäheri: «Arkadagyň säheri»

18 Oktýabr 2023
478

14-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy. Ajaýyp agşamy sungatyň ruhy bilen bezän bu dabara Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçdi. Oňa Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de halk köpçüligi gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň, şeýle-de «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjy Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de oňa myhman hökmünde gatnaşýan ýurtlaryň kino sungatynda meşhurlyk gazanan wekilleriň gelmegi bilen kinofestiwal öz hakyky manysyna eýe boldy. Özleri üçin ýörite taýýarlanan gyzyl ýodadan ýöräp geçen kino ýyldyzlary teleradioýaýlymlaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.

Aýgül GARAÝEWA.
«Arkadag». Surata düşüren Myrat BAÝRAMOW.
Beýleki habarlar