Şöhratly zamananyň ýaňy

18 Oktýabr 2023
464

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Aşgabat şäher häkimliginiň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» atly maslahaty geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymlary, Aşgabat şäheriniň 32-nji «Mähribanlarym» çagalar bagynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň syýasy taglymatlary, Halk Maslahatynyň döwletimizi ösdürmekdäki ähmiýeti, jemgyýetimiziň aň-bilim we ylmy mümkinçilikleri, bitirilýän beýik işler barada gürrüň edildi. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan asylly, döredijilikli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar