Geçmişden gözbaş alan senet

18 Oktýabr 2023
351

Halkymyzyň gadymdan gelýän naýbaşy senetçiliginiň biri hem küýzegärlikdir. Ol taryhyň has irki döwürlerinde döräp, sungat derejesine ýetirilendir. Adamlar küýze önümlerini müňýyllyklaryň dowamynda gündelik hajatlarynda ulanmak üçin ýasan bolsalar, döwrüň ösmegi bilen, esasan hem, häzirki wagtda biri-birinden owadan bezeg maksatly küýzeler ýasalýar.

Her bir sungatyň inçe täriniň bolşy ýaly, küýzegärligiň hem öz usuly bar. Munuň üçin, ilki bilen, ýokary hilli palçyk gerek bolýar. Palçygy taýýarlamak üçin ol birnäçe günläp öl ýagdaýda saklanýar, ýagny guramaz ýaly, onuň üstüne öl mata örtülip goýulýar we günüň dowamynda birnäçe gezek suwlanyp durulýar. Bu usul bilen palçygyň hilini hem barlamak bolýar, eýlenen palçygyň birleşiş ukyplylygy ýokary bolsa, bu onuň hiliniň oňatlygyndan habar berýär.

Gülüstan Gurbansähedowa,
Türkmenbaşy şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar