Halypa sarpasy

18 Oktýabr 2023
671

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Halow Muhammetgulyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu günki günde ady ýurdumyzda giňden tanalýan halypanyň doglan güni mynasybetli guralan dabarada Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow, Türkmenistanyň halk artistleri Akmyrat Çaryýew, Berdinyýaz Babanyýazow, Muhammetguly Kasymow hem-de onuň kärdeşleri, şägirtleri ömrüniň 50 ýylyny ýaş nesillerimizi terbiýeläp ýetişdirmäge bagyşlap, halypanyň belent adamkärçiligi hem-de onuň bu ugurda bitiren hyzmatlary barada aýratyn durup geçdiler. Halypa Halow Muhammetgulyýew Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşdy hem-de bu ugurda ençeme şägirtleri ýetişdirdi. H.Muhammetgulyýewiň uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini hem-de onuň ussatlyk derejesini göz öňünde tutup, ol “Watana bolan söýgüsi üçin”, “Gaýrat” medallary bilen sylaglandy. Belent ruha beslenen dabara talyp ýaşlaryň joşgunly çykyşlary bilen jemlendi.

Ogulkeýik Durdyýewa,
«Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar