Durmuş — ylhamyň çeşmesi

11 Oktýabr 2023
531

Sungat ynsanlary ýakynlaşdyrýar, gatnaşyklary ýygjamlaşdyrýar. Sungatyň ýakynlaşdyran ynsanlarynyň pikirdeşligi, ýürekdeşligi bolsa il-ulsuň, tutuş ynsanyýetiň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Nakgaş Rahman Umarow bilen keramikaçy Dilber Umarowanyň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherindäki teatr-çeperçilik institutynyň talyby döwürlerinde sungat bilen baglanyşykly pikir-garaýyşlarynyň gabat gelmegi olaryň arasyndaky dostluk köprüsini berkitdi. Wagtyň geçmegi bilen bu dostluk söýgä ýazyp, olar maşgala gurdular, döredijilik ýoluny bilelikde dowam etdirdiler. Sergilerde olaryň eserleri iň gowularyň sanawynda agzalýardy.

Şol döwürler Rahman Umarowyň Aşgabat şäheriniň sergiler merkezindäki «Taryhyň çarhy» atly eserini synlan paýtagtly halypalar onuň döredijiligine ýokary baha berdiler. Onuň «Günortan», «Azatlyk», «Näziklik», «Jennet guşy», «Çagalyk» ýaly eserlerinde tebigatyň gözellikleri, şeýle-de durmuşy, öz işlerini söýýän adamlar suratlandyrylýar. Şol eserlerdäki reňkleriň, şekilleriň köpöwüşginliligi, janlylygy ilki bilen ünsüňi özüne çekýär. Ol Türkiýede, Fransiýada, Singapurda, Russiýada geçirilen sergilere gatnaşdy. Onuň 300-den gowrak işiniň arasynda «Enäniň portreti», «Gyzjagaz atasyna garaşýar», «Mukam», «Küýzeler» ýaly eserlerinde umumadamzat gymmatlyklary hakyndaky pikirler sungat muşdaklarynda uly gyzyklanma döredýär.

Mahym ROZYÝEWA.
Beýleki habarlar