Wena balyna gutlag

11 Oktýabr 2023
265

Iki ýyl arakesmeden soňra dünýä saz sungatynyň paýtagty Wena sizi ýene-de şäheriň gaýtalanmajak dünýäsine aralaşyp, ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. «Nusgawy sazyň Wena döwri» diýip atlandyrylýan zamanynda Gaýdn, Mosart, Bethowen ýaly meşhur kompozitorlar bu şäherden ylhamlanyp dünýä belli sazlaryny döretdiler.
Awstriýanyň paýtagty Wena bal däpleriniň hem-de tansyň halkara paýtagty hökmünde-de meşhurdyr. Bütin dünýäde adamlar täze ýyly meşhur «Mawy Dunaý» walsy we Ştrauslar neberesiniň döreden sazlary bilen garşylaýarlar. Wenanyň gaýtalanmajak ruhy siňen ajaýyp sazlar we özboluşly dessurlar Wena balyny dünýä möçberindäki iri halkara çäresine öwürdi. Wena şäheri başga ýurtlarda geçirilýän Wena ballary arkaly durmuşy dabaralandyrýan dostluk ruhuny dünýä ýüzi bilen paýlaşýar. Aşgabatdaky myhmanlarymyz ýene-de Wena opera balynyň tans etmäge çagyryşy bolan «Alles Walser!» sözlerini eşidip bilerler.
Türkmenistandaky Wena baly şatlygyň, parahatçylygyň we halkara özara düşünişmegiň nyşany bolup durýar. Şuny göz öňünde tutup, dabarany guraýjylara uly üstünlikleri, oňa gatnaşyjylara bolsa ýatdan çykmajak agşamy hem-de Wena walsynyň jadylaýjy täsiri astynda Wenanyň gaýtalanmajak täsin dünýäsinden lezzet almagy arzuw edýärin.

Mihael LÝUDWIG,
Wenanyň meri we gubernatory.

Beýleki habarlar