Sungaty söýen suratkeş

5 Oktýabr 2023
419

Meniň gürrüňim köpöwüşginli zehiniň eýesi Halmyrat Kadyrow hakynda. Ol 1960-njy ýylda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garnas obasynda eneden dogulýar. Köýtendagyň belent gaýalary bilen gurşalan, söz ýetmez gözellige eýe bolan obada dünýä inen Halmyrat çagalykdan edebiýata, sungata, aýdym-saza höwesli bolýar. Oba mekdebini tamamlandan soň, ol Aşgabatdaky ozalky Türkmen döwlet pedagogik sungat institutyna okuwa girýär. Ýöne köp wagt geçmänkä, maşgala ýagdaýy sebäpli dogduk obasyna dolanmaly bolýar.

H.Kadyrow dürli ýyllarda oba medeniýet öýüniň «Bahar» aýdym-saz toparynyň ýolbaşçysy, etrap medeniýet bölüminiň çeperçilik ussahanasynyň müdiri bolup işleýär. Ol agaç we demir işlemek bilen içgin meşgullanýar. Kalbynda besleýän ajaýyp arzuwlaryny goşgy setirlerine geçirýär. Onuň milli öwüşginli, täsin duýguly goşgulary ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda çap edilýär.

Oral TEMIROW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar