Şanly ýylyň şanyna

5 Oktýabr 2023
516

5-nji oktýabrda şu ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen-terbiýeçilik okuw mekdebinde edebi duşuşyk geçirildi. Kitaphana işgärleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň, okuwçylaryň gatnaşmagynda geçirilen agşamda «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, şahyr Süleýman Ilamanow, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň uly habarçysy Meýlis Garajaýew Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýaşlaryna bildirýän uly ynamy barada, şu ýylda Köpetdagyň gözel künjeginde gurlup ulanylmaga berlen ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäheri we bu ýerde ýaş nesliň bilimli, ylymly, watanperwer adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilen şertler barada täsirli gürrüň berdiler. Edebi agşamda şahyr Süleýman Ilamanow, Meýlis Garajaýew Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini wasp edýän goşgularyny okadylar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Amantagan Aýjanow Magtymguly Pragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdi.

Bu ýerde guralan sergide Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän kitaplary görkezildi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar