«Gamgyn günler gaýtalanmasyn»

5 Oktýabr 2023
604

Şeýle at bilen Hatyra güni mynasybetli düýn Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi açyldy. Sergide tanymal nakgaşlarymyzyň, heýkeltaraşlarymyzyň Watan ugrundaky söweşlerde halkymyzyň görkezen gahrymançylygyna, 1948-nji ýylda Aşgabat ýertitremesine bagyşlanan sungat eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Halk hakydasynda ebedi ýaşaýan taryhy wakalary çeper suratlandyrýan eserleriň arasynda halypa nakgaşlar A.Hajyýewiň «Eje jan, sen näme üçin aglaýarsyň?», Ý.Annanurowyň «Gökdepe bosgunlary», Ý.Baýramowyň «Ajy habar», A.Kulyýewiň «Dileg» ýaly işlerine uly orun berildi. Şeýle-de sergide belli heýkeltaraşlar A.Meredowyň «Ene», M.Ýuzbaşowyň «Garaşmak», M.Nurymowyň «Hasrat» ýaly heýkel eserleri-de görkezilýär.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar