Ýaşulular — ýaşaýşa ýaraşyk

3 Oktýabr 2023
465

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda Aşgabat şäher häkimliginiň guramagynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli «Ýaşlaryň arasynda garrylar gerek» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulularymyz, nurana enelerimiz, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Özleriniň manyly ömürlerini ýagşy işlere bagyşlan,il-ýurt ähmiýetli wajyp meseleleriň geňeşçisi, öýlerimiziň, toýlarymyzyň bezegi, mukaddes ojaklarymyzyň ýaraşygy il sylagly ýaşulularymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň öwüt-ündewleri ýolumyza şugla, ömrümize şamçyragdyr. Olara sala salmak we geňeşmek, mertebesini belende götermek, sarpasyny saklamak ýaly asylly ýörelgelerimiz ajaýyp zamanamyzda barha rowaçlanýar. Eziz Watanymyzda her ýylyň 1-njioktýabrynda ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Dabaranyň dowamynda sylag-sarpaly ýaşulularymyzyň, güler ýüzli, mährem enelerimiziň waspyna aýdym-sazlar belentden ýaňlandy we olara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Dabara ýokary ruhubelentlige beslendi, onda ýaşulularymyza çäksiz sylag-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden alkyş sözleri belentden ýaňlandy we il-ýurt bähbitli tutulýan tutumly işlerde rowaçlyklararzuw edildi.

Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar