Keşdesi keşbine ýaraşar

27 Sentýabr 2023
467

Welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny dabaralandyrmak hem-de türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli guralan bäsleşik ene-mamalarymyzdan gelýän keşdeçilik sungatyny mynasyp dowam etdirmegi, ýaşlarda bu sungata bolan söýgini artdyrmagy maksat edindi.

Ejeş Guwanjowa.
Beýleki habarlar