Ajaýyp baýramçylyk sowgady

25 Sentýabr 2023
481

Balkanabat şäheriniň binagärlik gözelligini artdyran «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp sahnasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinden gelen zehinli estrada aýdymçylarynyň täsirli pursatlara baý bolan çykyşlary baş baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi ýokary ruhubelentlikde garşylaýan welaýatymyzyň ýaşaýjylary üçin özboluşly toý sowgady boldy. Türkmenistanyň halk artistleri Sahydursun Hojakowanyň, Dilber Rahmanowanyň, Türkmenistanyň  at gazanan artisti Ahmet Atajanowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri, «Ýylyň parlak ýyldyzy» adynyň eýesi Rüstem Hallyýewiň, şeýle-de Seýitguly Tülegenowyň, Şatlyk Gurbannazarowyň, Farhat Öräýewiň uly joşgun we ussatlyk bilen ýerine ýetiren şirin aýdymlary tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda nurana geljegine tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň köpugurly üstünlikleriniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy ýerine ýetirilen joşgunly aýdymlaryň mazmunyny düzdi. Şonuň üçin hem ajaýyp sahnada ýaňlanan aýdym-sazlar, tomaşaçylary gurşap alan ýokary ruhubelentlik hem-de şatlyk-şowhun ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny täze zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan welaýatyň ilatynyň buýsanç we bagtyýarlyk duýgularynyň beýanyna öwrüldi.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».
Beýleki habarlar