Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilmegi asylly däp bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi mahmal sesli bilbilleri mälim etdi.
Nobatdaky aýdym-saz bäsleşiginde hem ýurdumyzyň dürli künjeginden gatnaşan ýaş aýdymçylardan 6-sy baýrakly orna eýe boldular. Biz köpleriň seslenmesine eýe bolan aýdymçylar, bäsleşigiň şu ýylky ýeňijileri — Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň usulyýetçisi Bagdagül Mämmetgurbanowa hem-de Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň «Dostluk çemeni» tans toparynyň artisti Aýgözel Batyrowa bilen söhbetdeş bolup, olaryň pikirlerini «Zenan kalby» žurnalynyň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.