Zehini — zyýada, owazy — belent

20 Sentýabr 2023
515

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň aýrylmaz sütüni bolan bagşyçylyk sungaty aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek baradaky aladalarynyň netijesinde aýdym-saz sungatymyz barha kämilleşýär. Ýurdumyzda geçirilýän bäsleşikler, halkara festiwallar bolsa zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga, olaryň sungat äleminde ussatlyklaryny artdyrmaga ýardam edýär.

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýy mynasybetli Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda  Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşik ýurdumyzda täze zehinli ýaşlary ýüze çykardy. Ajaýyp zamanamyzda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmek, wagyz etmek, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen dutar ýasamak senetçiligi, dutarda ýerine ýetirijilik, bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek we dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşige gatnaşanlar onuň düzgünnamasyna laýyklykda, türkmen halk aýdymlaryny hem-de halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirýändiklerini aýan etdiler. Her bir ýerine ýetirilen saz eseri barada halypalaryň maslahaty bäsleşige gatnaşan ýaşlar üçin gymmatly sapak boldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýew türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirmekde ussatlyk görkezip, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglandy. Ýeňijileriň biri bolan talyp ýigit bize ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

Oguljennet Annageldiýewa,
«Balkan».
Beýleki habarlar