Asylly ýörelgeler – ýaş nesillerimize görelde

19 Sentýabr 2023
1036

Şu ýylyň 3-nji awgustynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine bardy we milletiň käbesi Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis alajalary we olary örmek üçin niýetlenilen iş guralyny bu muzeýe gowşurdy. Bu bolsa türkmen halkynda enä goýulýan sylag-hormatyň diýseň ýokarydygyny, Ogulabat ejäniň sünnäläp ýerine ýetiren el işleriniň — milli gymmatlyklarymyzyň, nusgalyk durmuş tejribesiniň, manyly ömür ýolunyň gyz-gelinlerimiz üçin görelde mekdebidigini aýdyň görkezýär.

Halkymyzyň milli gymmatlyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu gelin-gyzlarymyzyň sungat derejesine ýetiren el işleri — haly, keşdedir alaja babatynda-da şeýle. Ene-mamalarymyz el işlerini nesilden nesle geçirip, asyrdan asyra aşyryp, şu günlerimize gelip ýetmeginde uly tagallalary edipdirler. Türkmen gyz-gelinlerine mahsus edep-ekramlylyk, asyllylyk, mylaýymlyk ýaly häsiýetler bilen birlikde eliniň çeper bolmagyna hem üns beripdirler. Gyzjagazlara alaja işmegi, örmegi, keşde çekmegi öwretmekligiň üsti bilen olarda zähmete bolan söýgini oýarypdyrlar. Şeýlelikde, el hünärleri taryhyň dürli döwürlerinde dürli röwşe eýe bolup, has-da kämilleşipdir we ony ýaş nesillere öwretmek däbe öwrülip, ol asylly ýörelgeler halkyň aňynda, durmuşynda mynasyp orun alypdyr.

Güljahan MYRADOWA,
«Güneş».
Beýleki habarlar