Üstünlik zehine bagly

19 Sentýabr 2023
587

Şeýle sözbaşy goýmak bilen zehinli çagalaryň uly üstünlige eýe bolýandygyny aýtmak isleýäris. Hawa, häzirki wagtda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş nesillerimiziň oňat okamagy, sagdyn bolmagy üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilýär. Olaryň zehinini, ukyp-başarnygyny açyp görkezmekde bolsa taýsyz tagallalar edilýär. Bagtyýar durmuşyň bagtly çagalyk ýyllarynda ýaşaýan körpeler öz zehini bilen ýurdumyzyň abraýyna mynasyp goşant goşýarlar. Şeýle zehinlileriň biri-de Mary etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Döwletgeldi Öwezdurdyýewdir.

Döwletgeldi heniz kiçilikden surat çekip, tanymal bolmagy arzuw edýär. Ol kakasynyň çekýän suratlaryna uly üns bilen syn edip, özi hem edil kakasy ýaly suratkeş bolmagy maksat edinýär. Ol ilkinji halypasy — kakasy Allaberdi Öwezdurdyýewden surat çekmegiň inçe syrlaryny öwrendi. Häzirki wagtda ol Mary şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebinde okaýar. Oňa şol mekdebiň mugallymy Aýnagözel Nuryýewa halypalyk edýär.

Sülgün ŞADYÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar