Milli medeniýetimiz — Watanymyzyň waspy

14 Sentýabr 2023
440

Hormatly Prezidentimiziň parasatly tagallalary bilen milli medeniýetimizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşlerini wasp edip biljek derejelere ýetirmek üçin mynasyp işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 8-nji sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çeken taryhy Karary bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşiginiň  yglan edilmegi beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmakda, şeýle hem şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmekde, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmekde, olaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmekde ägirt işleriň biri bolup, halkymyzda egsilmez buýsanjy döretdi.  Habar berlişi ýaly bu bäsleşigi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar.

Maksat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň halkara durmuşy boýunça synçylar bölüminiň synçysy.
Beýleki habarlar