Mahmal owazly Kerem

13 Sentýabr 2023
361

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolan çagalaryň arasynda Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň okuwçysy Kerem Hangeldiýew hem bar. Ýakynda biz onuň halypasy, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň medeniýet öýüniň «Tolkun» aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy Gurbanaly Amanalyýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

— Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda Keremiň ýeňiji bolmagy bizi diýseň begendirdi. Onuň ýerine ýetiren «Ýaş deňizçiniň aýdymy» atly aýdymy dowamly el çarpyşmalara mynasyp boldy. Munuň özi bizi — mugallymlary has-da döredijilikli zähmet çekmäge, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmäge ruhlandyrdy. Ajaýyp zamanada ýaş nesliň okamagy, öwrenmegi, zehinini açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Ogulsuraý Täçmämmedowa,
«Balkan».
Beýleki habarlar