Belentden ýaňlanan owazlar

13 Sentýabr 2023
591

Sungat — ynsanyň ruhy baýlyklarynyň biridir. Ol ýürekleriň joşgunyndan emele gelýän hazyna. Ruhy hazynasy kämil bolan milletiň ümzügi hemişe ileri. Ony gorap saklamak, geljekki nesillere mizemez durky düýrmegi bilen miras galdyrmak her birimiz üçin mukaddes borçdur.

Ine, 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigi indi bassyr ikinji gezek geçirildi. Bu bäsleşige bagşydyr sazandalaryň ençemesi gatnaşdy. Olar, esasan, türkmen sungatynyň altyn hazynasyna öwrülen ajaýyp aýdymdyr sazlary ýerine ýetirdiler. Emin agzalaryň hem-de tomaşaçylaryň gyzgyn goldawyna mynasyp bolmagy-da başardylar. Sebäbi ýerine ýetirilen aýdym-sazlaryň ählisi diýen ýaly halkymyzyň ruhy aňyna siňen sungat eserleridir.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar