Sungatda Garaşsyzlygyň waspy

13 Sentýabr 2023
654

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan il bähbitli döwletli tutumlar, şanly wakalara beslenýär. Bu rowaçlyklarda ýurdumyzyň her bir ulgamy bilen bir hatarda milli medeniýetimiz, sungatymyz hem uly ösüşlere eýe bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda hem halkymyzyň buýsanjy goşalanyp, arzuwlara ganat, ylhamlara joşgun berýär. Elbetde, biziň taryhymyza bezeg berýän, durmuşymyzyň her bir pursatyny janlandyrýan zat sungat eserlerimizdir. Şekillendiriş sungatynda hem halkymyzyň taryhy, medeni gymmatlyklary, döwrümiziň beýik ösüşleri suratkeşleriň işlerinde öz beýanyny tapýar. Onuň islendik ugry özüniň özboluşlylygy aýratynlygy, täsinligi bilen seni özüne bendi edýär.

           Häzirki wagtda ýurdumyzda suratkeşlik döredijiligine bagyşlanan sergiler, bäsleşikler yzygiderli guralýar. Şekillendiriş sungaty hem dünýäni açmaga, adamlara ruhy lezzet bermäge mümkinçilik döredýär. Çuň mazmunly, döwrebap, kämil eseri döredip, her bir edýän işiňden lezzet almagy başarmak bolsa ussatlara mahsusdyr. Döredýän eserleriniň üsti bilen ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, aslyňa, milliligiňe buýsanç döretmek bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň nyşanydyr. Muňa Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Garaşsyz Diýarym – mähriban Watan” atly  geçirilen sergisine bezeg berýän biri-birinden zyýada sungat eserlerini synlanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Özüne çekiji, ýürege ýakymly, göze gelüwli ol işlerde tebigatyň owazy, dünýäniň gözelligi wasp edilýär. Döredilen bu sungat eserlerinde türkmeniň ruhuna häsiýetli aýratynlyklar açylyp görkezilýär. Ýagny, şöhratly taryhymyzyň waspy, milletimiziň ruhubelentligi ýaly oý-pikirler wasp edilýär. Bu eserleriň her birini synlanyňda suratkeşleriň döredijilik zehininde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne, ata Watana, il-gününe bolan çäksiz joşguny duýmak bolýar.

Güljahan GOÇUMOWA,
«Diýar».
Beýleki habarlar