Dutaryň owazy belentden ýaňlandy

12 Sentýabr 2023
584

Düýn medeniýete, sungata we aýdym-saza höwesli, dutarçy bagşy-sazandalar üçin buýsançly waka boldy. Ýurdumyzyň medeni-ruhy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Ýylyň-ýylyna uly dabara we şatlyk-şagalaň bilen geçirilýän bu bäsleşige gatnaşyjylar onuň deslapky tapgyrynda ýeňiş gazanyp, uly buýsanç, ruhubelentlik bilen geldiler.

Ähli ildeşlerimizi gyzyklandyrýan dabaralaryň biri «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi bolup, köňüllere ruhy galkynyş paýlaýar. Hut şu jähetdenem, bu ajaýyp bäsleşigiň mertebeli sahnasynda onuň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolanlar ajaýyp aýdym-sazlary bilen tomaşaçylara lezzet berdiler. Bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edilen zehinli aýdymçylar hormatly Prezidentimiziň adyndan altyn zynjyr, ter gül desseleri, gymmat bahaly sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

Taýýarlan Altyngül GARAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar