«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

12 Sentýabr 2023
703

Şu gün ­– 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik türkmeniň milli bagşyçylyk sungatyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna birnäçe tapgyrlardan saýlanan zehinli ýaş bagşy-sazandalar gatnaşdylar. Aşgabat şäherinden we welaýatlarymyzdan gatnaşan dutarçy bagşy-sazandalarymyz öz ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Türkmeniň milli saz guraly dutarda çalnan halk sazlarymyzy diňlemek tomaşaçylarymyz üçin diýseň ýakymly boldy. «Kepderi», «Gyrmyzy», «Ýar gara gözli», «Alagaýyşly», «Döwletýardyr» we başga-da birnäçe türkmen halk sazlary ýerine ýetirildi.

Bu bäsleşigiň birinji bölümi türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilen bolsa, ikinji bölümde bagşylarymyz türkmen halk aýdymlaryny aýtmakda bäsleşdiler. Gadymy sungatlaryň biri bolan bagşyçylyk sungatyndan başy çykýan bagşy-sazandalarymyzyň arasynda şeýle bäsleşikleriň guralmagy we onuň ýokary derejede geçirilmegi buýsanmaga mynasypdyr.

«Güneş».
Beýleki habarlar