Paryzdepe — gadymy gala

12 Sentýabr 2023
275

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň şöhratly taryhyny çuňňur öwrenmekde, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklaryny wagyz etmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary ýolgörkeziji şamçyrag bolup durýar.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan ynsanperwer syýasatyň netijesinde gadymy, şöhratly taryhymyzy emele getirýän baý medeni mirasymyz, etnografiýa gymmatlyklarymyz, arheologiýa ýadygärliklerimiz ylmy esasda giňden öwrenilýär. Olary geljekki nesiller üçin gorap saklamak, giňden wagyz etmek, şeýle hem gözel diýarymyzda ýerleşýän täsin taryhy-medeni ýadygärliklere, tebigy künjeklere daşary ýurtly we ýerli syýahatçylary çekmekde asyrlara ýaň saljak toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, eziz Watanymyzyň dünýä medeniýetiniň iň ösen ojagydygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda taryhy-medeni ýadygärlikleriň aýratynlyklaryny dünýä wagyz etmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Bu ugurda häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde tassyklanan Karary esasynda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň alymlary tarapyndan ylmy-gözleg işleriniň giň gerimde alnyp barylýan ýadygärlikleriniň biri-de Paryzdepedir.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar