Aýdymçy ýaşlaryň sungat baýramy (Ýaňlan, Diýarym! — 2023)

28 Awgust 2023
411

25-nji awgustda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýeňijiler ýörite diplomlara hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyryna mynasyp boldular. Şeýle hem bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Biz hem ýürekleri joşgundan doly ýeňijiler bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Taýýarlan Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. «Nesil».
Beýleki habarlar