Arkadag hem Pyragy — köňülleriň çyragy

28 Awgust 2023
637

Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze şygrynyň halkymyza gowuşmagy mynasybetli hoşallyk maslahatlarydyr duşuşyklara, dabaraly çärelere giňden orun berilýär. Olarda geljek ýyl doglan gününiň 300 ýyllyk toýy belleniljek Magtymguly Pyraga Milli Liderimiz, hormatly Prezidentimiz, tutuş halkymyz, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan belent hormat-sarpa goýulýandygy, hususan-da, söz ussadynyň beýikliginiň Gahryman Arkadagymyzyň täze şahyrana eserinde örboýuna galýandygy öz beýanyny tapýar.

Düýn paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada medeniýet we ylym-bilim toplumlarynyň bilelikde guramagynda «Arkadagyň paýhasyndan sarpaň belent, Pyragy!» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Köpöwüşginli çykyşlara beslenen dabara dynç gününde ak şäherimiz Aşgabadyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin ajaýyp sowgada öwrüldi.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar