Berkarar eýýamyň eýesi ýaşlar

25 Awgust 2023
417

Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen şanly waka - Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ýatdan çykmajak buýsançly wakadyr. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary bu alada mynasyp jogap bermäge çalşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmegine, onuň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna saldamly goşant goşýar.

Ýaşlar - ata Watanymyzyň ýagty geljeginiň eýeleri, ertirki ösüşleriniň binýadyny goýjak nesiller. Bu hakykat, sözüň doly manysynda, Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň aýdyň netijelerinde özüniň subudyny tapýar. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary okamak, döretmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Muňa golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen «Türkmenistan — ÝUNESKO: Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň strategik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny» atly dabaraly maslahatyň mysalynda hem göz ýetirmek mümkin.

Beýleki habarlar