Sirk ussatlary Türkmenabatda

26 Awgust 2023
531

Türkmenabatly çagalar tomusky dynç alyş möwsümini hiç haçan unutmasalar gerek. Mekdebe ozalkysyndan bir synp ulalyp salam berjek çagalaryň tomsy öz baýramy — Çagalary goramagyň halkara güni bilen garşylany ýaňy ýalydy. Ýöne Awazadaky, Gökderedäki, «Bagtyýarlykdaky»... hezil günler bilen täze okuw ýylynyň başlanmagyna az wagt galdy. Ine, şu günlerde-de çagalara we ululara ajaýyp şüweleň — Russiýanyň hem-de ýurdumyzyň sirk artistleriniň bilelikdäki çykyşlary sowgat edildi.

Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, sirk tomaşasy gündogar sebitde hem 3 müň orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binasynda guraldy. 20-nji awgustda başlan we her gün iki wagtyna görkezilýän şüweleň 27-nji awgusta çenli dowam eder.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Döwletgeldi HUDAÝBERDIÝEW.
Beýleki habarlar