Täzeçilligi söýýän halypa

24 Awgust 2023
414

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň halypa mugallymy Durdyguly Annaýew bilen biz kärdeş. Ikimizem ýaşlara milli saz guralymyz bolan dutaryň inçe syrlaryny öwredýäris. Ol hemişe iş bilen gümra. Men ondan maýy gelende şu günlerki döredýän eserleri barada gürrüň bermegini soradym.

Durdyguly halypa özüne mahsus degişgenlik bilen gara gazmasyna elini ýetirdi. Ol yzly-yzyna ajaýyp sazlaryň birnäçesini çaldy. Onuň täze döreden sazlary bolansoň, men bu aýdymlaryň sazlaryndan bihabardygymy bildirmejek bolup, öz dil açaryna garaşdym.

Toýguly PIRGULYÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar