Diýaryň daýanjy — nurana ýaşlar

23 Awgust 2023
517

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp wakalary, gazanylýan beýik ösüşleridir ýetilýän mertebeli menzilleri eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Olar agzybir halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň durmuşynda orun alýan taryhy pursatlara beslenip, hemmämizi beýik üstünliklere ruhlandyrýar we nurana ertirlere bolan synmaz ynamymyzy berkidýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen abraýly düzüminden — ÝUNESKO-dan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habaryň gelip gowuşmagy ajaýyp wakalaryň biri boldy.

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda şol ajaýyp waka, ýagny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda ýaş nesillerimize medeniýetimizi giňden tanyşdyrmakda uly ýardam berýän sergi hem guraldy. «Ata Watanymyzyň beýik geljegini ylym-bilimden ýüki ýetik, zehinli, häzirki zaman tehnikalardan we tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, sagdyn hem ruhubelent ýaşlarda görýän» diýýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky beýik başlangyçlaryny hormatly Prezidentimiz mynasyp dowam etdirýär. Türkmen ýaşlarynyň Watana wepaly ogul-gyzlar bolup ýetişmekleri bilen birlikde, olarda ýiti düşünjeliligi kemala getirmek, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýurdumyzy ösdürjek hünärmenler bolup ýetişmegini gazanmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar