Şirwan perdelerde belent owazlar

23 Awgust 2023
664

Golaýda Murgap jülgesiniň gözelligine gözellik goşup oturan «Türkmeniň ak öýi» binasy aýdym-saz muşdaklarynyň köp sanlysyny ýene-de özünde jemledi. Bu ýerde ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige deslapky geçirilen tapgyrlarda öňe saýlanan 10 sazanda hem-de 10 bagşy gatnaşdy.

Bu aýdym-saz bäsleşigi oňa gatnaşýan bagşy-sazandalaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly aýdym bilen başlandy. Bäsleşikde, ilki bilen, sazandalar çykyş etdiler. Olar halk sazlaryny hem-de mukamçy kompozitorlaryň döreden sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bagşylar halk aýdymlaryny we dessanlardan aýdymlary aýtdylar. Eminler sazanda-bagşylaryň bäsleşige örän taýýarlykly gelendiklerini aýratyn belläp, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna ýokary baha berdiler.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.
Beýleki habarlar