Milli Liderimiziň milli şahyrymyza köňül kelamy

21 Awgust 2023
521

Penşenbe güni Gahryman Arkadagymyz ulus-ilimize ýene-de bir eserini — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny serpaý etdi. Milli Liderimiziň bu kämil şygryny şahyryň Köpetdagyň eteginde örboýuna galan ýadygärliginiň ýanynda okap bermegi örän uly sazlaşygy döretdi. Has dogrusy, hormatly Arkadagymyz Magtymgulynyň daglara ýaraşykly heýkeliniň degresinde şahyryň şanyna Sözden hem heýkel dikdi!

Tutuş asyrlara är sözüni, nur sözüni, dür sözüni aýdyp bilen, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanyp, häzire çenli kän-kän eserler döredildi we döredilýär. Jahan döwresinde onuň şanyna tutumly mejlisler düzülip, syrly setirleriniň şerhini çözlemäge galyň-galyň kitaplar neşir edilýär... Ýöne olaryň bary bir ýana, hut Gahryman Arkadagymyzyň täze şygry hem bir ýana! Näme üçin? Eýsem, bu şygryň hikmeti nämede?

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.
Beýleki habarlar