“Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna...”

21 Awgust 2023
451

Öňňin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusyny döretmegi mynasybetli «Arkadag hem Pyragy — köňüller şamçyragy» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, alymlar, professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan bilim pudagyna bagyşlanan sergi guraldy. Dabaranyň myhmanlary türkmen talyplarynyň halkara we döwlet derejesinde gazanan üstünlikleri, baýraklary, medallary bilen tanyşdylar. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar serginiň çäginde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ösüşini aýdyňlyk bilen görkezýän täsin eserleri hem-de muzeý gymmatlyklaryny synladylar. Mundan başga-da, sergide Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndylary, şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan işler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunly dürdäne kitaplary ýerleşdirildi.

Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.
Beýleki habarlar