Medeniýet galkynýar — göwün galkynýar

18 Awgust 2023
405

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamy hem ösüşlere beslenýär. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, bu ulgamda bolup geçýän wakalar hem buýsanjyňa buýsanç goşýar. Çünki medeniýet ulgamyny ösdürmek, ony kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýledigi üçin 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli edaralaryň, şol sanda medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňünde wajyp wezipeleri goýdy.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek we sungata höwesini güýçlendirmek, olara aýdym-saz sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwretmek maksady bilen, degişli edaralaryň alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

«Watan».
Beýleki habarlar