Alajasy — ak ýoly...

18 Awgust 2023
477

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar» diýen dürdäne pikir-garaýyşlarynda sagdyn nesli kemala getirmegiň, milli özboluşlylygy gorap saklamagyň arzuw-islegi öz beýanyny tapýar. Bu türkmen gelin-gyzlarynyň durmuş ýörelgesi, däp-dessurlary, edep-terbiýesi bilen baglylykda alnyp barylýan işlerde hem aýdyň ýüze çykýar. Türkmençilik bilen bagly her bir ýörelgäniň aňyrsynda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini şöhlelendirýän, milliligimizi häsiýetlendirýän edim-gylymlar, däp-dessurlar, görüm-göreldeler jemlenip, olar dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen milli özboluşlylygymyzy hasyl edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek gelnejemiz öz agtyk gyzjagazlary bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, gaýynkäbesiniň ören alajasyny hem-de alaja örmek üçin ulanan guralyny gymmatlyk hökmünde muzeýe tabşyrdy. Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesiniň bu edep ýörelgesi bagtyýarlygyň binýadynyň türkmen jemgyýetinde enäniň sarpalanyşyndan başlanýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Ogulgerek gelnejemiziň bu göreldesi enäniň garaýşyny nura, mährini keramata, durkuny dünýä, yhlasyny ylhama, hüwdüsini rahat durmuşyň aýdymyna deňäp wasp edýän türkmen halkynyň milli aýratynlygynyň, asylly ýörelgesiniň aýdyň mysaly bolup dünýä doldy.

Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar