Toýhanadan geçen bagşy

10 Awgust 2023
555

Mundan kyrk ýyl töweregi ozal Köneürgenç şäherinde ýaşaýan dostum, sazanda hem göýende, asly käri oba hojalyk işgäri Meretdurdy Bekiýew meni myhmançylyga çagyrdy. Dostumyň çakylygyna haýal etmän elim dutarly ýola düşdüm. Ol meni gadyrly garşylady. Döwletli öýünde, çaý başynda durmuşy gürrüňleriň soňuny aýdym-saza sowduk. Amatly pursat arap, ýolda duşan, ýakymly sesi bilen aýdym aýdan çopan oglan dogrusynda gep gozganymda, ol şeýle gürrüň berdi:

— Hä, seniň ol mal yzyndaky çopan oglana gözüň düşüpdir-ow. Ol gaýraky köçedäki Gurbanbaý agronomyň ogly Dädiş bagşy bolmaly. Dädebaý jan ýaşdygyna garamazdan, aýdym-saza ýüregi bilen berlipdir. Ondan iru-giç ilhalar bagşy çykjakdygyna gözüm ýetýär. Çakylyk goýberip, ony-da seniň bilen duşuraryn — diýdi.

Gurbannazar KAKABAÝEW,
sazanda.
Beýleki habarlar