Sungatyň nepis nusgasy

9 Awgust 2023
593

Geçen hepdäniň şenbe güni paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşup oturan Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynyň mejlisler jaýynda «Mähir siňen nepislik» atly maslahat geçirildi. Bu maslahat ýakynda bolup geçen taryhy waka bagyşlanyldy, ýagny, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi, Türkmenistanyň at gazanan ussat halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen Döwlet muzeýine baryp, mähriban gaýynenesi Ogulabat ejäniň ören alajalary hem-de alaja örende ulanan iş guralyny sowgat bermegi bilen baglanyşykly boldy. Bu taryhy waka Döwlet muzeýiniň gymmatlygy hasaplanylýan Ogulabat käbämiziň bejeren gyzyl kürtesi bilen ören gülli jorabynyň üstüni ýetirdi we türkmen gelin-gyzlarynyň baky buýsanjyna öwrüldi. Sungatyň nepis nusgasyna bagyşlanylan maslahatdan galan täsirleri hem-de alaja baradaky oý-pikirlerimizi okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Maslahatda buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda biz — zenanlara görelde görkezen Ogulabat ejäniň el işleri barada gyzykly gürrüň edildi. Milletiň käbesi, halypamyz Ogulabat ejäniň senetden sungata, sungatdan gudrata öwrülen el işleriniň her bir zenan üçin görelde mekdebi bolup durýandygy öwran-öwran nygtaldy. Şeýle hem maslahatyň dowamynda zenan aýdymçylaryň we artistleriň ýerine ýetiren ene mukaddesligi, milli mirasymyz, alaja baradaky aýdymlarydyr oýlanmalary näzik ýürekleri duýgulandyrdy. Päk ýüregiň mähri, şirin owazy siňdirilip döredilen el işleri Ogulabat ejäniň göwün gözelliginiň nusgasydyny subut etdi.

Beýleki habarlar