Jadyly sungata sarpa

9 Awgust 2023
404

Ýakynda Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň üns-aladasy bilen milli mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek, şeýle hem dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ösdürmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksadynda geçirilen bäsleşige 10 sazanda hem-de bagşy gatnaşdy. Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, birinji tapgyrda ýaş zehinler dutarda şirin sazlary çalsalar, ikinji tapgyrda halk aýdymlaryny ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

Beýleki habarlar