Görküm, zynatym — milli lybasym

9 Awgust 2023
535

Şeýle at bilen Gyzylarbat etrabyndaky çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda ümeçilik dessury bilen baglanyşykly çäre geçirildi. Onuň dowamynda çykyş edenler ir döwürlerden bäri ene-mamalarymyzdan miras bolup gelýän birnäçe keşde nagyşlarynyň döreýşi hakyndaky rowaýatlary gürrüň berdiler. Şeýle hem şol nagyşlaryň ýerine ýetirilişiniň inçe syrlaryny birek-birek bilen paýlaşdylar. Ümeçilik dessury  gadymy döwürlerden bäri gyz-gelinlerimiziň ýerine ýetirýän däp-dessurlarynyň biri bolmak bilen, ajaýyp zamanamyzda oňa täzeçe röwüş berlip, has-da kämilleşdirilýändigi baradaky gürrüňler çäräniň täsirliligini artdyrdy. Onuň dowamynda milli medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.

Laçyn Hangulyýewa,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar