Päk niýetler siňen alajalar

9 Awgust 2023
542

Sungat alajadan başlanýar. Munuň özi amaly-haşam sungaty, zenanlarymyzyň çeper el işleri hakda aýdanymyzda hem şeýledir. Alaja bolsa özünde enelerimiziň ak arzuwlaryny, päk niýetlerini jemleýär, olaryň perzendine, dünýä bolan mähir-söýgüsini beýan edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşyň sazlaşykly akymy alajany ýadyňa salýar. Reňkleriň sazlaşyp, emele getirýän ajaýyp şekilleri alajalaryň goraglylyk häsiýetini açyp görkezýär. Başda diňe ak bilen gara reňkli ýüplerden taýýarlanan alajalar, durmuşyň özgermegi bilen, onuň özi ýaly dürli reňklere baýlygy bilen tapawutlanýar. Gülgüne, goýy gök, açyk ýaşyl, ak, açyk sary reňkli ýüplerden örülen alajalary synlanyňda, ak arzuwlaryň gülläp, ynsany myradyna ýetirendigini görmek bolýar. Bu ýerde reňkler öňe çykýar. Eşretli eýýamymyzyň alajalary has-da üýtgeşik.

Mähriban ene Ogulabat ejäniň ören alajalarynyň, olary taýýarlan iş guralynyň onuň gelni Ogulgerek Berdimuhamedowa tarapyndan Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylmagy milli sungatymyza belent sarpanyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde şu ajaýyp waka bilen bagly geçirilýän maslahatlar giň gerim alýar. Ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda golaýda geçirilen «Mähir siňen nepislik» atly maslahat hem milli mirasymyza, alaja ýaly çeper el işlerine söýginiň barha artýandygyny görkezdi.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar